Dünýäde doly iýmitlenmeýän ilatyň paýy geçen ýylda 673 million adama çenli azaldy, emma Afrika we Günbatar Aziýa ýurtlarynda açlyk çekýänleriň sany artýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azyk we oba hojalyk guramasynyň dünýäde azyk howpsuzlygy hem-de iýmitlenişiň ýagdaýy barada nutugynda aýdylýar.
«2024-nji ýylda açlykdan dünýä ilatynyň 8,2 göterimi ýa-da 673 milliona golaý adam ejir çekdi, bu görkeziji 2023-nji ýylda 8,5 we 2022-nji ýylda 8,7 göterime deňdi. Emma bu oňyn ösüş Afrikada we Günbatar Aziýada açlyk çekýänleriň köpelýändigi bilen ters gelýär» diýlip, nutukda bellenýär.
Habarda şeýle hem 2030-njy ýyla çenli dowamly açlykdan 512 million adamyň ejir çekjekdigi bellenýär. Şunda olaryň 60 göterime golaýy Afrika ýurtlaryň paýyna degişli bolar diýip, TASS ýazýar.
