Türkmenistan şu ýylyň maý aýynda Türkiýä tebigy gaz eksport etmekde ilkinji bäşlikden orun aldy. Bu barada «Report» ýazýar.
Hasabat döwründe 120,03 million kub metr türkmen mawy ýangyjy Türkiýä iberildi. Munuň özi maý aýynda Türkiýäniň import eden tebigy gazynyň 3,39 göterimine deňdir.
Şeýlelikde, Türkmenistan türk bazaryny tebigy gaz bilen esasy üpjün edijileriň arasynda bäşinji ýeri eýeledi. Bu ugurda birinji ýerden Russiýa Federasiýasy (umumy möçberiň 33,7 göterimi), ikinji ýerden Azerbaýjan (umumy möçberiň 29,87 göterimi, üçünji ýerden Eýran (umumy möçberiň 22,37 göterimi) we dördüni ýerden bolsa Alžir (umumy möçberiň 7,96 göterimi) orun aldy.
Ýeri gelende bellesek, türkmen gazyny Türkiýä ibermek hakynda ylalaşyga şu ýylyň 10-njy fewralynda iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde gol çekilipdi.
