Ýakynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde XI Bütindünýä orkestr festiwaly geçirilip, oňa Türkmenistanyň zehinli sazandalaryndan düzülen Ýaşlar kamera orkestri gantaşdy.
2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan bu festiwal her ýyl şagalaňly geçirilip, dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalary we orkestrleri bir ýere ýygnaýar.

Bütindünýä orkestr festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň çakylygy esasynda türkmen sazandalary bu ýyl 11-nji gezek geçirilýän festiwala ikinji gezek gatnaşdylar.

Festiwala Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri bilen bir hatarda Awstriýa, Germaniýa, Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Polşa, Irlandiýa, Estoniýa, Kosowo, Garadag, Malaýziýa, Hytaý, Indoneziýa, Gonkong, Çili, Ekwador hem-de Türkiýe döwletlerinden jemi 40-dan gowrak orkestr gatnaşdy.

Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri zehinli dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Wena şäheriniň iň naýbaşy konsert zallarynyň sahnalarynda daşary ýurt nusgawy eserleri hem-de türkmen dutary bilen çykyş edip, festiwala gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynsasyp bolmagy başardylar.
Şeýle hem festiwalyň dowamynda awstriýaly tanymal dirižýor, professor Nil Waron türkmen sazandalary bilen bilelikde ussatlyk sapagyny geçirdi.
Festiwalyň çäklerinde orkestrleriň arasyndaky bäsleşik hem örän çekeleşikli geçdi. Bäsleşikde joşgunly ýerine ýetirişi bilen üstünlikli çykyş eden türkmen sazandalary emin agzalaryň ünsüni özüne çekmegi başardylar.
Emin agzalaryň düzümindäki tanymal dirižýorlar, saz sungatynyň wekilleri, Wena konserwatoriýasynyň professorlary Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestriniň çykyşyna örän ýokary baha berdiler.
Festiwalyň ýapylyş dabarasy «Altyn zal» ady bilen belli bolan dünýäniň iň meşhur konsert zallarynyň biri «Muzikferaýnda» geçirildi. Bu ýerde hem tomaşaçylar türkmen sazandalaryny joşgunly garşylap, olaryň çykyşlaryny gyzgyn el çarpyşmalary bilen kabul etdiler.
Konsertiň ahyrynda festiwalyň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň netijleri yglan edildi. Emin agzalarynyň bir agyzdan ses bermegi bilen türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça «Altyn baýraga» mynasyp boldular. Aýratyn bellenilmeli zatlaryň biri hem, bäsleşigiň emin agzalary türkmen sazandalaryň çykyşyna ýokary baha berip, Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestriniň wekillerine «Iň gowy dirižýor», «Nusgawy sazyň iň gowy ýerine ýetirilişi» we «Iň gowy täsirli ýerine ýetirmek ussatlygy» ugurlar boýunça ýörite şahadatnamar gowşuryldy.

Festiwalyň döredijilik komitetiniň prezidenti britan dirižýory, professor Tobi Pýorser bu orkerstr bilen bilelikde konsertleri guramagy hem-de Türkmenistana gelmek isleýändigini nygtady.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri 2024-nji ýylda hem bu abraýly festiwalyň «Altyn baýragyna» mynasyp bolupdy.
