Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygy Mihail Mişustin Mihail Gusmany TASS habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gol çekdi. Bu barada agentligiň saýtynda habar berildi.
Mihail Gusman agentligiň düzüminde 30 ýyla golaý wagt işledi. 75 ýaşly žurnalist 2000-nji ýyldan bäri «Häkimiýet ýörelgesi» («Формула власти») telegepleşikler tapgyrynyň awtory hem-de gepleşigiň alyp baryjysydyr. Ol Russiýa Federasiýasynyň sungatda at gazanan işgäri (2001) hem-de RF-niň at gazanan žurnalisti (2018) diýen hormatly atlara mynasyp boldy.
TASS habarlar agentliginiň baş direktory Andreý Kondraşýow Gusmana köp ýyllyk zähmeti üçin hoşallyk bildirip, şeýle diýdi:
«Agentligiň ähli işgärleriniň adyndan Mihail Solomonowiçe TASS-da çeken 30 ýyllyk zähmeti üçin minnetdarlyk bildirýärin. Dünýäniň baş agentlikleri bilen 50-den gowrak hyzmatdaşlyk etmek barada, şeýle hem gol çekmäge taýýarlanan ylalaşyklarda, agentligiň ýüzlerçe halkara hem-de bütinrussiýa çäreleridir müňlerçe täzelikçi başlangyçlarda Mihail Gusmanyň ägirt uly şahsy goşandy bar. Biziň agentligimiziň baýry işgärine täze taslamalary hem-de täze zehinli döredijilik toparlaryny döretmegini arzuw edýäris.»
Ýeri gelende aýtsak, TASS Russiýanyň öňdebaryjy habarlar agentligidir. Ol 1904-nji ýylda esaslandyryldy, 1925-nji ýyldan 1992-nji ýyla çenli TASS (Sowet Soýuzynyň Telegraf agentligi) diýen ady göterdi.
Bu gün TASS dünýäniň iň iri habar beriş agentligi bolmak bilen, dünýäniň 60-dan gowrak ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda hem öz habarçylar ulgamy hereket edýär.
