24-nji iýulda Delide Türkmenistanyň Söwda we daşarky ykdysady gatnaşyklar ministri Nazar Agahanow bilen Hindistanyň Söwda, senagat, elektronika we maglumat tehnologiýalary ministri Jitin Prasadyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ministr Prasadyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berildi.
Hindi tarapy ministr Agahanowy täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we onuň Hindistana ilkinji gezek resmi sapar bilen gelendigine hoşallyklaryny bildirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygyň berkidilmegi, tehnologiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, hünär taýýarlygy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hem-de Türkmenistanyň we Hindistanyň arasyndaky şahsy gatnaşyklaryň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol gün ministr Agahanow Hindistanyň işewürlik jemgyýetiniň wekilleri bilen «Wanižýa Bhawan» binasynda aýratyn duşuşyk geçirdi. Hindi tarapyndan gepleşiklere Hindistanyň Eksport guramalarynyň federasiýasynyň (FIEO) baş direktorynyň orunbasary Suwidh Şah we Söwda ministrliginiň utgaşdyryjy sekretary Mohit Ýadaw gatnaşdylar.
Bu duşuşykda ministr Agahanow türkmen-hindi söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleri hindi kärdeşleri bilen ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem iki ýurduň eksportçylary we kärhanalary üçin mümkinçilikleriň giňeldilmegine aýratyn üns berildi.

Gepleşikler Türkmenistanyň we Hindistanyň arasynda söwda ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen ýokary derejeli gepleşikleriň çäklerinde geçirildi.
