Düýn – 24-nji iýulda «Angara» awiakompaniýasyna degişli «An-24» ýolagçy uçary Russiýanyň Amur oblastynyň Tynda şäheriniň golaýynda heläkçilige uçrady. Onda 43 ýolagçy we ekipažyň alty agzasy bardy, deslapky maglumatlara görä, olaryň hemmesi gurban boldy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Uçar Habarowsk-Blagoweşensk-Tynda aralygynda uçuş amala aşyrýardy. Uçaryň ýykylmagy bilen bagly jenaýat işi gozgaldy. Heläkçiligiň mümkin bolan sebäpleri hökmünde tehniki näsazlyk hem-de adam faktory agzalýar. Uçaryň dagyň barmasy kyn bolan eňňidinde heläkçilige uçrandygy, ýagdaýyň halas edijiler üçin kynçylyklary döredýändigi aýdylýar.
Uçaryň Tynda şäheriniň howa menziline bary-ýogy 15 kilometr galanda, Moskwa wagty bilen ir sagat ýedide radarlardan ýitendigi aýdylýar.
