Hazar döwlet tebigy goraghanasy Türkmenistanda ýeke-täk deňiz goraghanasydyr. Sebäbi onuň tutýan meýdanynyň 70 göterimi golaýy deňiz suw giňişlikleri eýeleýär.
Hazar deňziniň türkmen böleginde duş gelýän balyklaryň jemi 15 topary bar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi. Şol toparlara girýän görnüşleriň aglabasy senagat taýdan özleşdirilen gymmatbahaly balyklaryň hataryna degişlidir. Olara mysal edip dokyny, tiranany, rus bekresini, pars bekresini, ak azatmahyny, kepir, çapak we beýlekileri görkezmek bolar.
Balyklaryň käbir görnüşleriň köpeliş ýagdaýy deňze gelip goşulýan derýalar bilen arabaglanşyklydyr. Mysal üçin bekre balyklaryň ähli görnüşleri, azatmahylar, takgazlardan wolga takgazy, arkasy gara takgaz, kefirler, çapaklar we beýlekiler işbil taşlap köpelmek üçin ýaz aýlarynda deňze gelip goşulýan süýji suwly derýalara girýärler. Olaryň işbilleri şol derýalarda biraz ösüp ulalandan soňra açyk deňze çykýarlar.

Beýleki käbir görnüşleri bolsa mysal üçin kefallar, takgazlaryň käbir görnüşleri, çortanlar külke balyklary we beýlekiler açyk deňziň şor suwunda ýaşaýarlar hem-de şol ýerlerde işbil taşlap köpelýärler.
Türkmen suwlarynda täze görnüşleriň ýüze çykarylmagy ugrundaky ylmy-barlag işlerini mundan beýläk hem dowam etdirmeli. Şeýle hem göçüp gelýän görnüşlerini aýap saklamak ugrunda gorag çärelerini amala aşyrmaly.
Ozal habar berşimiz ýaly, bäş Hazarýaka döwleti, Türkmenistan bilen bilelikde Hazar deňzinde bekre balyklarynyň täjirçilik maksatly tutulmagyna bolan gadagançylygy 2025-nji ýyl üçin uzaltmak barada möhüm çözgüdi kabul etdiler.
