22-nji iýulda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa halkara ykdysady forumy (MAHYF-2025) öz işini tamamlady. «Sebitleýin ynam, hyzmatdaşlyk we dostluk giňişligini döredýäris» atly plenar mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň hökümet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de bilermenler jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdy diýip, «Roskongress» habar berýär.
Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow, Täjigistanyň ykdysady ösüş we söwda ministriniň orunbasary Ahlyddin Nuriddinzoda, Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Murat Kerefow, Russiýanyň Senagat we söwda ministrliginiň döwlet sekretary – ministriň orunbasary Roman Çekuşow, Russiýanyň Täjigistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Semýon Grigorýew, Özbegistanyň maýa goýumlar, senagat we söwda ministriniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Şohruh Gulamow, «Wildberries» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Tatýana Kim we beýleki işewürler bar.
Mejlisiň dowamynda ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, sanly platformalaryň döredilmegi we senagatda hem-de oba hojalygynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar sanly ykdysadyýet, logistika, senagat hyzmatdaşlygy, ýaşlar we bilim alyşmalary boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny seljerdiler.
Plenar mejlisiň ahyrynda Bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Bu resminamada taraplar ykdysady integrasiýany mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi we global wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly meseleleriň bilelikde çözülmegi babatyndaky meýillerini tassykladylar.
