Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. TDH-niň habar berşi ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde» ady bilen geçirilen maslahata ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleriniň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň Saglygy goraýyş müdirlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklar bilen bir hatarda, sahawatly türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan serişdeleriň görnüşleri, lukmançylyk enjamlary görkezildi. Şeýle hem onda ýurduň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitler barada gürrüň berýän maglumatlar öz beýanyny tapdy.

Çäräniň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, tapawutlanan lukmanlara we hünärmenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem bu ýerde ýurt boýunça geçirilen “Iň gowy hassahana” atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, tutuş ýurtda maslahatlar, paýtagtyň we Arkadag şäheriniň saglyk merkezlerinde, welaýatlarda dabaraly çäreler geçirildi.
Belläp geçsek, Türkmenistanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy 1995-nji ýylda ilkinji gezek, 2015-nji ýylda bolsa rejelenen görnüşde kabul edildi.
