Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Meýlis Diňiýew Gyrgyzystanyň «Gyrgyzaltyn» futbol kluby bilen şertnama gol çekdi we dokuzlyk belgisi bilen çykyş eder. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.
«Gyrgyzaltyn» futbol klubyna hoş geldiň, Meýlis!» — diýlip, klubyň resmi habarynda aýdylýar.
25 ýaşly futbolçy öz futbol ýoluny Aşgabadyň «Köpetdag» klubynda başlapdy we ol topar bilen 2018-nji ýylda Türkmenistanyň kubogyna mynasyp boldy. 2022-nji ýylda Diňiýew bu üstünligi «Ahal» toparynyň düzüminde gaýtalady we şol topar bilen Türkmenistanyň çempiony diýen ada miýesser boldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde ilkinji gezek CAFA-nyň kubogy ugrunda Täjigistana garşy oýunda çykyş etdi.
2025-nji ýylyň başynda hüjümçi Türkmenistanyň Ýokary ligasynda «Ahalyň» düzüminde çykyş edip, 5 pökgi geçirdi. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, oýunçynyň bazar bahasy 75 müň ýewro barabardyr.
