Turkmenportal logo
23.07.25
3032230322
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Haýyr-sahawat gaznasy bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi
Haýyr-sahawat gaznasy bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Ylalaşyga gol çekildi
Surat: THP

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekildi.


Duşuşygyň barşynda lukman Arkadagyň başlangyjy esasynda ýurtda "Saglyk" Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetine üns berildi. Şeýle-de gaznanyň amala aşyrýan ynsanperwer işleriniň ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine we näsag çagalara degişli operasiýalaryň, sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegine gönükdirilýändigi bellenildi.