Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) taýýarlyk görmek maksady bilen, meýletinçi talyplaryň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.
Bu çärä ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dilleri we žurnalistika fakultetleriniň talyplary gatnaşdylar. Olaryň köpüsi Awazada geçiriljek maslahata meýletinçi hökmünde gatnaşmaga taýýarlanýarlar.
Duşuşygyň dowamynda ýurduň iň möhüm wakalarynyň we Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki üstünlikleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bellenilişi ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty (LLDC3) 4 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Oňa 32 döwletiň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagyna garaşylýar.
