Turkmenportal logo
17.07.25
5000850008
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edilişi barada jikme-jik maglumatlar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025-nji ýylda ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça ýerler hem-de möhletleri baradaky maglumaty öz resmi saýtynda ýerleşdirdi.


Berlen maglumatlara görä, Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryň kabul edişligi degişli orta hünär okuw mekdepleriniň gönüden-göni öz ýerleşýän binalarynda amala aşyrylýar.


Resminamalaryň kabul edilýän wagty: 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan 18-nji awgustyna çenli, dynç günlerini hem goşmak bilen, sagat 8:00-dan 18:00-a çenli (arakesme: 13:00–14:00).



Takyklama:


Mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 14–27-nji iýul aralygynda kabul edilýär. Beýleki orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar 14-nji iýuldan 18-nji awgusta çenli kabul edilýär. Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik bolsa Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde geçirilýär.



Jikme-jik maglumatlary aşakdaky berlenlerden görüp bilersiňiz: