«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti diňe bir estetiki görnüşi we ygtybarlylygy üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, adamyň psihologiki we fiziki ýagdaýynyň gowulaşmagyna ýardam berýän ajaýyp ses izolýasiýa aýratynlyklaryna eýe bolan ýokary hilli akustiki asma potoloklary hödürleýär. Ofislerde we öýde goh-galmagalyň närahatlygyň, ýadawlygyň we ünsüň bölünmeginiň esasy sebäpleriniň biri bolan şertlerinde akustiki potoloklaryň ulanylmagy amatly we sagdyn gurşaw döretmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.
«Ak Bulut» kompaniýasy on ýyldan gowrak wagt bäri dürli görnüşli asma potoloklaryň – winil örtükli gips, metal, alýumin we elbetde, akustiki potoloklaryň önümçiligine ýöriteleşendir. Ýyllyk önümçilik kuwwaty 4 million inedördül metre çenli potolok we 7 müň tonna sink çaýylan metal profil öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümler tutuş ýurt boýunça elýeterlidir hem-de GDA, Zakawkazýe we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.
Kompaniýa ekologiýa taýdan arassa ýerli çig malyň ulanylmagyna aýratyn üns berýär, bu bolsa önümiň özüne düşýän gymmatyny azaldýar hem-de saglyk we daşky gurşaw üçin howpsuzlygy üpjün edýär. Önümleriň hili hil dolandyryş, ekologiýa howpsuzlygy we zähmeti goramak boýunça halkara ISO güwänamalary bilen tassyklanandyr.
«Ak Bulut» hyzmatdaşlyga we islendik çylşyrymly taslamalary durmuşa geçirmäge açykdyr. Kompaniýa tehnologik taýdan öňdebaryjylygy, ygtybarlylygy we döwrebap dizaýny birleşdirýän çözgütleri hödürleýär – bu önümler ofisler, bilim edaralary, mejlisler otaglary, şeýle hem rahatlyk we ses gözegçiligi möhüm bolan beýleki desgalar üçin iň amatly saýlawdyr.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +99362 14 00 44
Baş edarasy we sergi otagy:
Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, j. 29/1, 3-nji gat