Turkmenportal logo
16.07.2025
1298212982
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan ABŞ-dan import edilýän harytlar üçin jogap paçlaryny girizmekçi däl
Surat: Report.az

Gazagystan ABŞ-dan ýurda getirilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny ýokarlandyrmakçy däl, bu barada Respublikanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow metbugat ýygnagynda aýtdy diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.


«Şeýle meýilnama ýok. Bolsa dessine aýdaryn» diýip, Bektenow aýtdy. Ol ABŞ tarapyndan kabul edilen çäreleriň Gazagystanyň eksportynyň 95 göterimine golaýyna galtaşýandygyny ýatlatdy. Emma muňa garamazdan, Gazagystan paçlar babatda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gepleşikleri alyp barýar.


7-nji iýulda Astana ABŞ-nyň Prezidentinden 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, Gazagystany hem goşmak bilen, birgiden ýurtlar boýunça täze import paçlarynyň girizilýändigi barada habar gowuşdy. Gazagystandan ABŞ-a eksport edilýän ähli harytlar üçin 25 göterim möçberde ýeke-täk paç girizildi.