Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow düýn – sişenbe güni döwlet sapary bilen Täjigistana bardy, ony howa menzilinde Prezident Emomali Rahmon garşylady diýip, gyrgyz Lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Metbugat gullugynyň habaryna görä, saparyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler, şeýle hem iki ýurduň Parlamentleriniň başlyklarydyr ýurduň Hökümet başlygy bilen duşuşyklar meýilleşdirilýär.
Saparyň netijeleri boýunça iki ýurduň Liderleriniň bilelikdäki Beýannamasynyň kabul edilmegine, ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekilmegine, şeýle hem söwda-maýa goýum forumynyň geçirilmegine garaşylýar.
Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň geçen bäş aýynda Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 6,35 million amerikan dollaryna deň bolandygyny, munuň geçen ýylyň degişli döwründäki 405,1 müň dollardan on bäş esse köpdügini «central-asia.news» portaly habar berdi.
