Türkmen kompaniýasy ilkinji gezek Birleşen Arap Emirliklerine dört tonna doňdurma eksport etdi. Karamelli, şokoladly we gaýmakly doňdurmalaryň bir tapgyry Dubaýa iberildi diýip, «MIR24» teleýaýlymy habar berdi.
Eksport ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Türkmenistanyň öňdebaryjy konditer kärhanalaryndan biri tarapyndan amala aşyryldy. Önümler ýokary hilli ýerli goşundylardan taýýarlanandyr.
Kärhananyň gündelik kuwwaty 17 tonna çenli bolup, ol sebitdäki iň uly doňdurma öndürijilerinden biridir. Zawodda 5 müňden gowrak adam işleýär we bölek satuw ulgamy Türkmenistanda 20 müňe golaý satuw nokadyny öz içine alýar.
«Ähli önümleriň hiline gündelik laboratoriýada gözegçilik edilýär. Eksport edilýän konditer önümlerini daşamak wagtynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin has içgin barlaglar geçirilýär. Doňdurylan önümler üçin Selsiý boýunça minus 30-dan minus 35 gradusa çenli temperaturany saklamak möhümdir» diýip, kärhananyň laboratoriýa bölüminiň başlygy Serdar Hojageldiýew gürrüň berdi.
Kärhana Russiýa, Eýran, Täjigistan, Özbegistan we Gazagystan ýaly 15-den gowrak ýurda konditer önümlerini eksport edýär.
