Turkmenportal logo
04.07.25
2968729687
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Balkan matematika olimpiadasynda 6 medal gazandylar

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde 24–29-njy iýun aralygynda ýetginjekleriň arasynda geçirilen 29-njy Balkan matematika olimpiadasynda (JBMO-2025) 1 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.


«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, matematika olimpiadasynda Türkmenistanyň adyndan 6 mekdep okuwçysyndan ybarat milli topar çykyş etdi we olaryň her biri Watana mynasyp medal bilen dolanyp geldi.


Altyn medaly iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýan Aşgabadyň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Hemra Gurbanow gazandy. Şol mekdebiň 9-njy synp okuwçylary Atabaý Akmyradow hem-de Ýeňiş Akmämmedow kümüş medallara mynasyp boldular.


Ýene-de iki kümüş medala Aşgabadyň 87-nji daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp okadylýan ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçylary Ýusup Resulow we Parahat Ojarow mynasyp boldy. Olimpiadanyň netijesi boýunça bürünç medal iňlis dili çuňlaşdyrylyp okadylýan Aşgabadyň 83-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Omar Döwranow eýeledi.


Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýyl bu abraýly halkara bäsleşigine dünýäniň 23 ýurdundan jemi 135 mekdep okuwçysy gatnaşdy.