Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň (parlament) mejlisinde deputatlar döwlet dilini peýdalanmagyň meseleleri boýunça kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek barada kanun taslamalary toplumyny kabul etdiler. Olarda deputatlar, Ministrler Kabinetiniň başlygy we agzalary, Konstitusion kazylar, ýerli kazylar, prokurorlar, sülçüler gyrgyz dilini bilmeklige borçly edýär. Kada şol sanda Milli bankyň işgärlerine, hukuk goraýjy edaralara hem-de milli howpsuzlyk edaralaryna degişlidir. Bu barada «24.kg» habar berdi.
Adwokatlar we notarius işgärleri-de eger gyrgyz dilini ýeterlik derejede bilmeseler, ygtyýarnamalary alyp bilmezler.
«Telewideniýe we radioalnyp eşitdiriş hakynda» Kanuna hem üýtgetmeler girizilýär, oňa görä, döwlet dilindäki gepleşikleriň möçberi 60 göterimden az bolmaly däldir.
Täze üýtgetmelere laýyklykda, daşary ýurt raýatlary gyrgyz dilini bilmeýän bolsalar, imigrant derejesini alyp bilmezler. Döwlet dilinde taýýarlanan mahabatyň ýazgysynyň kanunçylygyň talaplaryna we dürs ýazuw kadalaryna laýyk gelmegi boýunça ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasy tarapyndan ylalaşylmalydyr.
Dil barada kanunçylygyň talaplarynyň bozulmagy ýa-da berjaý edilmezligi üçin şahsy taraplar üçin duýduryş ýa-da 5 müň som, ýuridiki taraplar üçin 17 müň som möçberde jerime salnar.
Kanun bozulmalaryna Döwlet dili we dil syýasaty boýunça milli topar tarapyndan seredilýär hem-de jerime bellenilýär.
