Turkmenportal logo
21.06.25
3557335573
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistan Trampy parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürledi
Surat: Gazeta.ru

Pakistanyň Hökümeti ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy 2026-njy ýyl üçin parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna teklip etdi. Bu barada ýurduň Hökümetiniň sosial tordaky sahypasyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.


Şeýle çözgüt Trampyň öňräk bolan hindi-pakistan gapma-garşylygy wagtynda diplomatik goşulmagyny ykrar etmek we «esas goýujy liderligi» üçin hoşallyk hökmünde kabul edildi diýlip, habarda bellenýär.


Ak tamyň başlygy Nýu-Deliniň we Yslamabadyň arasyndaky düşünişmezligiň çözülmegine getiren «uly strategiki öňdengörüjiligi we ajaýyp döwlet paýhaslylygyny görkezdi» diýip, Pakistanyň Hökümeti nygtady.