Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Çakylyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» ikinji sammitiniň çäklerindäki ikitaraplaýyn duşuşygynda aýdyldy.
Öz nobatynda, Prezident Serdar Berdimuhamedow hem HHR-iň Başlygyny özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.
