Turkmenportal logo
10.06.25
2427124271
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokaýew Žaksylykowy Gazagystanyň goranmak ministri wezipesinden boşatdy
Surat: Anhor.uz

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew goranmak ministri Ruslan Žaksylykowy wezipesinden boşatdy we onuň ýerine Dauren Kosanowy belledi.



Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugynyň ýaýradan habaryna salgylanýan TASS ýazýar. Žaksylykowyň wezipesinden boşadylmagynyň sebäbi aýdylmaýar.


Žaksylykow bu wezipäni 2022-nji ýylyň ýanwaryndan bäri eýeläp gelýärdi. Täze ministr Kosanow şol ýyldan Gazagystanyň howa goragy güýçlerine ýolbaşçylyk edýärdi. Geçen ýylyň sentýabryndan bäri Kosanow ýurduň goranmak ministriniň orunbasary wezipesini hem eýeleýärdi diýlip, habarda aýdylýar.