Turkmenportal logo
31.05.25
3057030570
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Jorja Meloni Türkmenistanyň Prezidentini Italiýa sapar bilen çagyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen 30-njy maýda Gazagystanda geçirilen duşuşygynda energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda, ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.


Döwlet Baştutany şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmegi teklip etdi.


Premýer-ministr Jorja Meloni türkmen döwletiniň Baştutanynyň tekliplerini goldap, Italiýanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.


Söhbetdeşligiň barşynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Italiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.


Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler. Bu barada TDH ýazýar.