Turkmenportal logo
27.05.25
1376313763
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hindistanyň kenarýakasynda howply ýükli konteýner daşaýjy gark boldy
Hindistanyň kenarýakasynda howply ýükli konteýner daşaýjy gark boldySurat: Inbusiness.kz

Howply ýükli konteýner daşaýjy gämi Hindistanyň Arap deňziniň kenarýakalarynda suwa gark boldy. Kalsiý karbidi, şeýle hem müňlerçe tonna mazut we dizel ýangyjy ýüklenen gämi Liberiýanyň baýdagy astynda ýüzýärdi diýip, «News.by» portaly habar berdi.


Gämi Koçi şäherine barýarka, şäherden 38 deňiz mili aralykda gark bolup başlady. Netijede, ýük suwa gaçdy, nebit önümleri döküldi.


Gämide 24 adam bardy, olaryň hemmesini halas etdiler.