Turkmenportal logo
21.05.25
2134021340
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
4 aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 200 million dollara golaýlady
4 aýda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 200 million dollara golaýlady

2025-nji ýylyň 4 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 200 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berýär.


Çeşmede bellenilişine görä, 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 164,8 million amerikan dollaryna barabar boldy.


Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 10-njy orny eýeledi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 34,2 million amerikan dollaryna deň boldy.


Umumylykda, 4 aýyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 199 million amerikan dollaryna deň boldy. Netijede, Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 14-nji basgançakdan orun aldy.


Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 4 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 24,6 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 11,88 milliardy eksportyň, 12,72 milliardy bolsa importyň paýyna düşýär.