Turkmenportal logo
21.05.25
1759617596
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýa Hytaýdan awtoulagy iň köp satyn alýan ýurt bolmagyny bes etdi
Surat: RBK

Geçen aprel aýynda Russiýa hytaý ýeňil awtoulaglaryny iň köp satyn alýan ýurt hökmünde ornuny elden giderdi. Russiýa Federasiýasy bu babatda altynjy orna düşdi diýip, HHR-iň Gümrükhanasyna salgylanýan «rg.ru» habar berdi.


Geçen aýda Russiýada hytaý ýeňil awtouaglarynyň satuwlary pul aňlatmada 16,2 göterim ýitirdi we bu 507,1 million dollara deň boldy. Mart aýynda bolsa, bu görkeziji 605 mln dollara deň boldy.


Netijede, Braziliýa sanawda ilkinji orunda ýerleşdi, bu ýurt hytaý awtouaglarynyň importyny 1,5 esse (597,7 million dollar) köpeltdi. Ilkinji üçlüge şeýle hem Belgiýa we Meksika girdi.

Russiýa Hytaýdan awtoulagy iň köp satyn alýan ýurt bolmagyny bes etdi | Turkmenportal.com