Turkmenportal logo
20.05.25
2817228172
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň I açyk çempionatyna gatnaşýar
Surat: Uza.uz

Türkmenistanly türgenler Özbegistanda geçirilýän suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýanyň I açyk çempionatyna gatnaşýarlar. 19-njy maýda badalga alan bu ýaryş Özbegistanyň Suw sporty federasiýasy hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň federasiýasy tarapyndan bilelikde guraldy diýip, uza.uz saýty ýazýar.


Merkezi Aziýanyň I açyk çempionatynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri suwda ýüzmegiň dürli görnüşleri we dürli aralyklary boýunça 158 sany medallar toplumy üçin özara güýç synanyşarlar.


23-nji maýa çenli dowam etjek ýaryşa sebitiň ýurtlaryndan jemi 168 türgen gatnaşýar.