Turkmenportal logo
09.05.25
2214822148
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Google» öz kartalarynda Pars aýlagynyň adyny üýtgetdi
Surat: Ustinka.kz

«Google kartalar» priloženiýesinde internet ulanyjylaryň käbiri üçin Pars aýlagynyň ady üýtgedildi, ol indi Arap aýlagy boldy diýip, «News.rambler.ru» habar berdi.


Habarda Ýakyn Gündogardaky ulanyjylaryň indi kartada «Arab gulf» ýa-da «Persian gulf» gözleg sargytlaryny peýdalananlarynda, «Arap aýlagy» diýen netijäni aljakdyklary bellenýär.


Öň «Associated Press» habarlar agentligi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Pars aýlagyny Arap aýlagy diýip atlandyrmak barada teklip edendigini habar berdi. Tramp bu barada Saud Arabystanyna sapary wagtynda yglan edip biler diýlip, habarda bellenýär.