Turkmenportal logo
08.05.25
1684716847
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Özbegistanyň Prezidenti 8-9-njy maýda iş sapary bilen Moskwada bolar
Surat: RIA Nowosti

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna dabaralara gatnaşmak üçin iş sapary bilen 8-9-njy maýda Russiýanyň paýtagtynda bolar. Bu barada özbek Lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.


Mirziýoýewiň saparyň dowamynda şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirjekdigi habarda bellenýär.