Turkmenportal logo
06.05.25
2633326333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň DIM-inde Saud Arabystanynyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi.


Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.



Halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çägindäki özara hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.