Turkmenportal logo
29.04.25
1345513455
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Yslamabatda «Hakyda göwheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

28-nji aprelde Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynda ýerli KHBS-niň wekilleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


Çäräniň dowamynda bu kitabyň türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilikli däp-dessurlaryny, şeýle hem onuň ylym we medeniýetiň ösmegine goşan goşandyny açyp görkezýändigi bellenildi. Şeýle-de kitabyň Türkmenistanyň taryhy we ruhy mirasyna düşünmekde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy diýip, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berdi.



Duşuşygyň ahyrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara çärelere aýratyn üns berildi.