Turkmenportal logo
29.04.25
1319413194
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» we «Russiýa Halal Expo 2025» sergilerine gatnaşar
Surat: Türkmenistanyň Söwda-Senagat Edarasy

15-16-njy maýda Tatarystan Respublikasynda «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» we «Russiýa Halal Expo 2025» sergileri geçiriler.


Kazan şäherinde geçiriljek bu foruma Türkmenistan işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, halal senagatyny we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek üçin gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.


Bu çäreler Yslam ykdysadyýeti, halal senagaty we maliýe hyzmatlarynyň ösdürilmegi, maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem sanly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.


Bu forum Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin durnukly ösüşi üpjün etmäge, maýa goýumlary we eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga giň ýol açar diýlip, habarda bellenilýär.