Turkmenportal logo
28.04.25
2075720757
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Robot-eltiji moped bilen çaknyşyp, wakanyň bolan ýerinden gaçdy
Robot-eltiji moped bilen çaknyşyp, wakanyň bolan ýerinden gaçdy
Surat: MIR 24

Sargytlary gowşuryjy robot Hytaýda ýol-ulag heläkçiligine sebäp bolup, wakanyň bolan ýerinden gaçdy. Uçarmansyz robot moped bilen çaknyşsa-da, öz hereketini dowam etdi. Heläkçilik wideo düşürilip, sosial torda ýerleşdirildi.


Çaknyşykda moped robotyň öň tigrine ilişdi. Emma robot saklanman, ony köçede süýredi.


Žurnalistler Hytaýdaky ähli täzeçil özbaşdak hereket edýän tehnologiýalaryň kemsiz-köstsüz işlemeýändigini ýazýarlar. Emma bu eltiji robot welin, heläkçilik döretse-de, saklanman, ähli subutnamalar bilen bilelikde gaçdy diýip, «MIR 24» neşiri ýazýar.