Turkmenportal logo
25.04.25
2858128581
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bahreýnde Türkmenistanyň ilçisi işe başlady
Surat: Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi

Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) O.Çaryýewiň Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.


Ilçi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasyna we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.


Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.