Turkmenportal logo
25.04.25
3688136881
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň ýeňijisine “Toyota Fortuner” kysymly awtoulag sowgat berildi
Halypa çapyksuwarlaryň at çapyşygynyň ýeňijisine “Toyota Fortuner” kysymly awtoulag sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 2025-nji ýylyň aprel aýynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygynyň ýeňijisini 2023-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Fortuner” kysymly ýeňil awtoulag bilen sylaglamak bellenildi. Bu barada TDH habar berýär.


Düýn Mary welaýatynda geçirilen baýramçylyk at çapyşyklarynda halypa çapyksuwarlaryň arasyndaky at çapyşygynyň ýeňijisine baş baýrak hökmünde bu sylag gowşuryldy.


Türkmen bedewiniň milli baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.