Turkmenportal logo
23.04.25
1666316663
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýaly zenan emeli aňy ulanyp, 36 million rubl utdy
Surat: Bezformata.com

Russiýanyň Nižegorod oblastynyň ýaşaýjysy emeli aňy peýdalanyp, «Rapido Pro» lotereýa oýnunda 36 milion rubl utuşyň eýesi boldy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


«Nižegorod oblastyndan Anastasiýa Sinisina petekleri onlaýn satyn alyp, lotereýalara gatnaşýar, ol bir aýlap petekleri çen bilen satyn aldy, soňra sanlary bilmek üçin neýroulgama ýüz tutdy» diýlip, habarda aýdylýar.


Emeli aň gyza birinji setir üçin 18, 20, 3, 9, 5, 14, 12, 7 sanlary we ikinji setir üçin iki sany saýlamagy maslahat beripdir, Anastasiýa şeýle hem etdi we üstünlik gazandy.