Turkmenportal logo
23.04.25
2307523075
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Stambulda geçirilýän hokkeý boýunça dünýä çempionatynda Türkiýäni ýeňdi

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysy üçünji diwizionyň «A» toparynda çykyş etmek bilen, dünýä çempionatynyň ikinji tapgyrynda Türkiýäniň ýygyndysyny ýeňdi.


Oýun Stambulda geçirildi we 2:1 (1:1, 1:0, 0:0) hasaby bilen tamamlandy. Ýeňijileriň tarapyndan şaýbalary Kerwen Baýlyýew (8-nji minutda) we Aleksandr Wahowskiý (22) geçirdiler. Türkiýäniň ýygyndysynyň ýeke-täk şaýbasy Ferhat Bakalyň (17) hasabyna ýazyldy.


Ýaryş gününiň beýleki oýunlarynda Gyrgyzystanyň ýygyndysy Lýuksemburgyň toparyny 6:0 hasaby bilen derbi-dagyn etdi, Günorta Afrika Respublikasynyň hokkeýçileri bolsa 3:2 hasaby bilen Bosniýa we Gersegowinanyň ýygyndysyny ýeňdiler.


Ýaryş tertibinde Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň ýygyndylary öňdeligi eýeleýärler, olaryň her biriniň 6 utugy bar, olardan soň Türkiýäniň we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndylary gelýär, olaryň 3 utugy bar, ýaryş tertibiniň ahyrky setirlerini Bosniýa we Gersegowinanyň hem-de Lýuksemburgyň ýygyndylary jemleýärler, olaryň entek utuklary ýok.


Üçünji diwizionyň «A» toparynda dünýä çempionaty 27-nji aprele çenli dowam eder. Ýeňiji ýokary derejä çykmaga mümkinçilik alar, ýagny güýji boýunça ikinji diwizionyň «B» toparyna ýollanma eýe bolar.


Ylýas Weliýewiň hokkeýçileriniň indiki oýny 24-nji aprelde Lýuksemburgyň ýygyndysyna garşy geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 15:00-da başlanar. Soňra türkmen ýygyndysy Gyrgyzystanyň ýygyndysy (25-nji aprelde) we Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysy (27 aprelde) bilen oýnar.