Turkmenportal logo
19.04.25
2196121961
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Türkmenistana sapar bilen gelen «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri Arkadag şäherine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak üçin geldiler.


Duşuşygyň barşynda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.


Myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.


«Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň uly sogaplydygyny aýratyn nygtamak bilen, gaznanyň işine ýokary baha berdiler.