Turkmenportal logo
17.04.25
9320193201
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Talyplaryň arasynda «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary» dersi boýunça onlaýn bäsleşik geçiriler

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanyň kanunçylygy baradaky bilimlerini berkitmek we milli kanunçylygy çuňňur öwrenmeklerini gazanmak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary» dersi boýunça onlaýn bäsleşigi geçirilýär.


Bäsleşik 2025-nji ýylyň 12-nji maýynda onlaýn görnüşde geçiriler. Bäsleşige gatnaşjak talyplar we jogapkär mugallymlar baradaky maglumatlary 2025-nji ýylyň 5-nji maýyna çenli aşakda görkezilen görnüşde (*doс) faýlynda 65811116tm@gmail.com salgysyna ugratmaly.


Bäsleşik baradaky has giňişleýin maglumat bilen şu salgydan https://education.gov.tm/competition-details/167 tanşyp bilersiňiz.


  • Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99365811116.
  • E-mail: 65811116tm@gmail.com