Turkmenportal logo
17.04.25
2573525735
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDHÇMB: Owganystanly telekeçiler 1,6 million dollarlyk geleşik baglaşdylar

16-njy aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda birnäçe möhüm söwda geleşikleri hasaba alyndy. Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninden «TS-1» kysymly uçar kerosinyny satyn almak boýunça şertnama baglaşdylar diýip, TDHÇMB-niň saýtynda habar berilýär.


Mundan başga-da, owgan telekeçileri ýerli işewürlerden gazbeton bloklary satyn almak barada geleşik baglaşdylar.


Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 1 674 3374,50 amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.