Turkmenportal logo
16.04.25
1603416034
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aýdymçy Keti Perri äleme uçuşy barada aýdym döretmekçi
Aýdymçy Keti Perri äleme uçuşy barada aýdym döretmekçi
Surat: RIA Nowosti

Amerikaly aýdymçy zenan Keti Perri «CNN» teleýaýlymyna beren interwýusynda kosmosda başdan geçiren duýgulary barada hökman aýdym döretmekçidigini aýtdy.


Hepdäniň duşenbe güni işewür Jeff Bezosyň «Blue Origin» kosmos kompaniýasy ekipažy diňe zenanlardan ybarat bolan «New Shepard» älem gämisini üstünlikli uçurdy. Onuň ekipažynyň düzüminde aýdymçy Keti Perri we milliarderiň aýaly Loren Sançes hem bardy.


Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.