Turkmenportal logo
07.04.25
1393613936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýada halas ediş dikuçary ýykyldy
Surat: Euronews

Ýaponiýanyň halas ediş gullugynyň dikuçary Ýapon deňzindäki Susima adasynyň golaýynda radarlardan ýitdi. Bu barada NHK teleýaýlymyna salgylanýan «Report» habar berdi.


Habarda dikuçaryň ekipažyndaky alty adamyň üçüsiniň tapylandygy hem-de hassahana ýerleşdirilendigi, beýleki üç adamyň gözlenýändigi aýdylýar. Halas ediş gulluklarynyň maglumatlaryna görä, dikuçar bilen aragatnaşyk ol ýerli howa menzilinden 10 kilometrlikde gonmaly ýerinde ýitipdir.


Häzirki wagtda ýurduň kenar goragy gullugy bilen bilelikde, gözleg-halas ediş işi dowam edýär.