Turkmenportal logo
04.04.25
2553425534
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana sapary tamamlandy
Surat: uza.uz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran iş sapary tamamlandy. Bu barada uza.uz özbek saýty habar berdi.


Samarkant şäheriniň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdylla Aripow hem-de beýleki resmi adamlar ugratdylar.



Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite hem-de Samarkant halkara klimat forumyna gatnaşdy. Saparyň çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle-de Ýewropa Geňeşiniň, Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklar geçirildi.


Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň goňşy ýurda sapary Aral medeniýetiniň sammitiniň ekspozisiýasyna aýlanyp görmek bilen jemlendi.