Turkmenportal logo
27.03.2025
1364113641
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tatarystanda aýy awlamaga rugsat berler
Surat: Gazeta.ru

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda aprelden başlap, goňur aýylary hasaba alyp başlarlar, ondan soňra olary awlamak boýunça ýüztutmalary toplarlar. Bu barada «RBK» habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.


Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň başlygynyň tebigy gorlar boýunça orunbasary Ramil Şarafuttinow häzirki wagtda Respublikada 70 töweregi aýynyň hasaba alnandygyny hem-de olaryň sanynyň artýandygyny habar berdi. Goňur aýylary hasaba almak işiniň aprelden awgusta çenli dowam etjekdigi çaklanýar.


Geçen ýylyň baharynda goňur aýyny Tatarystanyň Gyzyl kitabyndan olaryň sanynyň köpelmegi bilen baglylykda aýrypdylar.