Turkmenportal logo
26.03.25
2099920999
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Dejavu» datly tagamlary halaýanlar üçin eltip bermek hyzmatyny hödürleýär

«Dejavu» restorany taýýar naharlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Indi datly aşhanalary halaýanlar öz öýleriniň ýa-da iş ýerleriniň rahat gurşawyny terk etmezden, restoranyň tejribeli baş aşpeziniň ýokary ussatlykda taýýarlan tagamlaryndan lezzet alyp bilerler.


Eltip bermek menýusynda aşhananyň naharlarynyň giň görnüşi hödürlenilýär: fransuz delikatesleri, meşhur Ýewropa tagamlary, şeýle hem ter suşi we restoranyň myhmanlarynyň halaýan beýleki dürli naharlary. Bu ýerde her nahar «Dejavuny» gurmanlaryň arasynda meşhur ýere öwren esasy aýratynlyk — her goşundynyň düzümine we hiline ýokary derejede üns bermek bilen taýýarlanylýar.


Taýýar naharlary eltip bermek hyzmaty, goý ol iş nahary, romantik nahar ýa-da maşgala baýramçylygy üçin taýýarlanan nahar bolsun, restoranyň gastronomiki eserlerinden islendik amatly pursatda lezzet almaga mümkinçilik berer.


Restoran 10-njy kiçi etrapçadaky «Dagbaşy» binasynda ýerleşýär.


Telefon belgileri: (+993 60) 19 19 02 we (+993 60) 19 19 03. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.