Turkmenportal logo
24.03.25
1622316223
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetinde Nowruz baýramy bellendi

Ýakynda Ýagşygeldi Kakaew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Nowruz geldi ilime» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, baýramçylyk çäresiniň çäklerinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan amaly-haşam sungatynyň sergisi hem guraldy.


Çäräniň dowamynda uniwersitetiň mugallymlary we talyplary Nowruzyň gelip çykyşynyň taryhy we baýramyň türkmen halkynyň medeniýetinde eýeleýän orny we däp-dessurlarymyzdaky ähmiýeti barada çykyş etdiler.


Uniwersitetiň «Gara Altyn» döredijilik topary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyga aýratyn bezeg berdi.