Turkmenportal logo
24.03.25
2233422334
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagmagyna garaşylýar

Şu hepde Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:


Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +5 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +11 gradusdan +15... +17 gradus aralygynda maýyl bolar.


Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +11... +16 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +8... +13 gradus maýyl bolar.


Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.


Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +13... +18 gradus aralygynda maýyl bolar.


Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.


Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.