Turkmenportal logo
20.03.25
6536965369
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň daşary işler ministri GEEÝF-iň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri GEEÝF-iň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GEEÝF) Baş sekretary Mohammed Hamel bilen duşuşdy. Şu gün geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň GEEÝF-e goşulmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.


Gepleşikleriň dowamynda taraplar ählumumy energetika bazarlaryndaky häzirki ýagdaýy hem-de guramalar bilen ýöriteleşdirilen düzümleriň ugry boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.


Türkmen tarapy GEEÝF-iň hünärmenleriniň gatnaşmagynda degişli okuw sapaklaryny we seminarlary geçirmek boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.


Türkmenistanyň daşary işler ministri GEEÝF-iň wekillerini Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde Türkmenistan tarapyndan guraljak çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.


Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatynyň netijeleriniň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňelmegine uly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.


Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen GEEÝF-iň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.