Turkmenportal logo
17.03.25
2358723587
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýada bolan ýangyn zerarly gynanç bildirdi
Surat: ria.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Gordana Silýanowskaýa-Dawkowa ýurduň Koçani şäherinde bolup geçen ýangynyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.