Turkmenportal logo
14.03.25
5804158041
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Nowruz baýramy mynasybetli täze awtobus gatnawy ýola goýlar
Aşgabatda Nowruz baýramy mynasybetli täze awtobus gatnawy ýola goýlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2025-nji ýylyň 19-njy martyndan başlap, 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi —Awtokombinat» şäherýaka ugrunyň ýola goýulýandygyny habar berdi. Bu ugur Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde ilata hödürlenilýän ulag hyzmatlaryny göwnejaý ýerine ýetirmek üçin ýörite girizilýär.


Baýramçylyk çäreleri 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda geçiriler. Täze ugruň döredilmeginden esasy maksat baýramçylyk günlerinde ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli, medeniýetli bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr.


Raýatlar goşmaça maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilerler: +99361493495; 44-35-20.